logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ahlaklylyk barada - Sokrat
  23.11.2023
1013
Ahlaklylyk barada - Sokrat

Sokrat (b.e öňki 469-399) aralygynda ýaşap geçýär. Ol özüniň “Ahlak gymmatlygyň beýany” atly eserinde esasy söhbetdeşligi-durmuşda nähili ahlak gatnaşykda bolmaldygy barada beýan edýär.

 

 

Sokrat üçin şeýle gymmatlyklar bolup ak göwünlilik, öz borjuňa eýermeklik, ýagşylyga gulluk etmek çykyş edipdir. Ol öz ahlak garaýyşlary ölümiň öňünde hem üýtgetmän saklapdyr. Ol öz ölüminiň öňünde hem hiç zada bagly däl (absolýut) ahlak gymmatlyklary gorapdyr. Sokrat sofistlerden tapawutlylykda ýagşy bilen ýamanyň arasyndaky tapawudyň otnositel däl-de absaolýut häsiýete eýe bolýanlygyna ynanypdyr. Ýagşynyň nämedigini, ýamanyň nämedigini bilmeklik adama ahlaklylyk berýär.

 

 

Şonuň üçin Sokrat ahlaklylyk bilen baglanyşykly düşünjeleri takyk kesgitlemeklige we olaryň manysyny açmaklyga uly üns beripdir. Onuň üçin garalýan zada dogry kesgitleme bermeklik, ol zadyň manysyny açmaklyk bolýar. Eger takyk kesgitlenen zat bolmasa, ol barada maglumat hem bolmaýar.

 

Hudaýberdi Ezizmuhammedow
Türkmen oba hojalyk instituty
Oba hojalygyny mehanizimleşdirmek
hünäriniň 1-nji ýyl talyby,