Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Samarkantda medeni çäreler geçirildi ✦ ✦ Kiberhowpsuzlyk - maglumat goraglylygyň binýady ✦ ✦ II Halkara matematika olimpiadasy dowam edýär ✦ ✦ ÝHHG-niň 50 ýyllygyna hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli forum ✦ ✦ Türkmenistan Kazanda geçiriljek “KazanForum” we “Halal Expo 2025”- e gatnaşar ✦ ✦ Ýurdumyzda II Halkara matematika olimpiadasy başlandy ✦ ✦ «AtaMekan» Terjime Merkezi: Mekdep okuwçylary we talyplar üçin ýeňillikler! ✦ ✦ "Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi" bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Katolik dünýäsiniň ruhy lideri aradan çykdy ✦ ✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry
  16.02.2023
761
Ähli göwünleriň, ähli döwürleriň, tutuş ynsan kalbynyň şahyry

Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi – Magtymguly atamyzyň durmuş ýüzünde hakykata öwrülmegini arzuw edip, hyýalynda guran «Türkmen binasynyň», «Berkarar döwletiniň», «Ajap eýýamynyň» mizemejek berk binýady bolup, milletimiziň agzybirliginiň, jebisliginiň mäkämdiginiň, ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatlygynyň, rahatlygynyň sarsmazdygynyň amalyýetiniň beýik simwolydyr. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly kitabynda : «Biziň halkymyz Magtymguly Pyragynyň Berkarar döwlet baradaky pikirlerine uýup, millet hökmünde özüniň bir bitewiligini saklap galmagy başarypdyr. Onuň çuň pelsepesine, şygryýet ummanyndaky ägirtligine uly hormat goýupdyr. Şeýle tämiz we dury akabadan gözbaş alyp, ynsanperwerlik, adalatlylyk, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýol-ýörelgelerine esaslanýan hemişelik Bitaraplyk derejämiz Türkmenistan döwletimizde amala aşyrýan işlerimizde, alyp barýan içeri we daşary syýasatymyzda bu gün özüniň oňat netijesini berýär.» – diýip belleýşi ýaly, häzir biziň türkmen halkymyz örän gurply, ykdysady taýdan biçak ösen bagtyýar döwletde ýaşaýar. Munuň aňyrsynda beýik Arkadagymyzyň pähim-paýhasy, öňdengörüjiligi bilen, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyna laýyklykda jemgyýetimiziň ykdysady esasyna ornaşdyrylan, ozal bolmadyk, örän kämil derejede işlenilip gurnalan bazar ykdysadyýeti ýatýar. Diýmek, şundan ugur alynsa dogry gurnalan bazar gatnaşyklary mehanizmi jemgyýetiň ykdysady howpsuzlygynyň we gurgunlygynyň ygtybarly serişdesi bolup durýar. Muňa öz ýaşan döwründe beýik Magtymguly atamyz hem belli bir derejede göz ýetiripdir. 

Pyragy ýaly ylahy zehinli şahyrlar halkyň, il-günüň aladasy bilen ýaşaýar. Pyragynyň şygyrlarynda, esasan, watançylyk, batyrlyk, gahrymançylyk, öwüt-nesihat, yşky liriki, dostluk öňe sürülýär. Magtymgulynyň şygyrlaryny okamak, lezzet almak bir başga, olary doly öwrenip many çykarmak düýbünden başga. Şahyr: «Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, sözleriniň bir däl, juda köp zady aňladýandygyny, wagt geçip, şol dürdäneleriň öwreniljekdigini öňünden aýdyp gidipdir.

Magtymguly Pyragy her bir türkmeniň şygyrlaryna köp ýüzlenen şahyryna, pikirdeşliginden göwünlerine teselli tapan syrdaşyna, durmuş maslahatçysyna, ruhy goldawçysyna öwrüldi. Akyldaryň edebi mirasynyň ýokary ähmiýetli tarapy onuň döredijiliginiň halk pähimleri we halk döredijiligi bilen tebigy baglanyşyp gidýänligidir. Şahyryň ençeme goşgulary nakyllara we atalar sözlerine öwrülip gidipdir.  

 

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.