logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /ÄHLI ZADYŇ SAKASY SAGLYK
  08.02.2023
1233
ÄHLI ZADYŇ SAKASY SAGLYK

Ýakynda, Tejen galla önümleri kärhanasynda maşgala agzybirligi, raýatlaryň saglygyny gorap saklamak hem-de ýaramaz endiklerinden daşda durmak, alkogolyň we temmäki önümleriniň adam saglygyna ýetirýän ýaramaz  täsirleriniň öňüni alynmagyna, zyýanly endiklerden gaça  durlup, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýerilmegine bagyşlanan wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bu duşuşyga etrap häkimliginiň, etrap hassahanasynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, kärhanada zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.

Duşuşykda çykyş edenler Garaşsyz diýarymyzda türkmen jemgyýetiniň ahlak arassalygyny berjaý etmek, ýaşlarymyzy watansöýjülik ruhunda terbiýelemek, zyýanly endiklerinden gaça durmak, sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermek, halal zähmet çekmek meselelerine aýratyn uly ähmiýet berilýändigini nygtadylar. Sagdyn durmuş ýörelgesi öňümizde goýan maksatlarymyza we arzuwlarymyza  ýetmäge, olary durmuşa ornaşdyrmaga kömek edýär. Maslahatyň dowamynda zyýanly endikleriň ynsan saglygyna ýetirýän zyýanyny  düşündirmekden başga-da, onuň maşgala abadançylygyna hem ýaramaz täsir edýändigi hakynda aýdyldy. Mundan başgada dogry iýmitlenmek barada gürrüň edilip, bu ugurda alnyp barylýan işler dogrusynda pikir alşyldy. Duşuşykda, Gahryman Arkadygymyzyň kitaplaryndan  diňe bir beden saglygyna däl, eýsem ruhy sagdynlygyna-da uly orun berilýändigi barada aýdylyp geçildi.

Duşuşyga gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik, işleriniň mundan beýläk hem hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

 

Leýli ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň 
Tejen etrap birleşmesiniň birleşmesiniň işgäri.