logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler
  13.03.2024
817
Ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler

Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda Diýarymyzda möhüm ähmiýetli işler yzygiderli alnyp barylýar.  Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin bag nahallaryny oturtmak, ozalky ekilen agaçlara ideg etmeklik ýaly çäreleri ýylyň-ýylyna geçirmeklik ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. Şeýle ideg işleriniň netijesinde ilatly ýerleriň töwereginde ýaşyl tokaý zolaklary emele gelip, tebigatymyz barha gözelleşýär, dem alýan howamyz tämizlenýär. Halkymyzyň saglygyny ekologiýa howplaryndan goramak bilen bagly bu çäreler bütin dünýäde oňyn seslenmä eýe bolýar.

 

 

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda hem şeýle çäreler uludan badalga alýar. Hormatly Prezidentimiziň 2024-nji ýylyň 1-nji martynda gol çeken Kararyna laýyklykda 16-njy martda ýurdumyzda ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Bu dabara halkymyz uludan taýýarlyk görýär. 

 

 

Türkmen halkynyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däpleriniň biri-de tebigata aýawly çemeleşip, ony gözüniň göreji deýin gorap saklamagydyr. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalar pederlerimizden miras galan şol ajaýyp däpleri häzirki wagtda hem özümize tug edinýändigimizi subut edýär. 

 

 

Leýla JUMABERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.