Ýerewan şäherinde BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammiti ýokary derejede geçirilip, sammitiň jemleri boýunça Ýerewan Jarnamasy kabul edildi. Bu halkara çärä hormatly Prezidentimiz hem gatnaşyp, çuňňur manyly çykyşyny oňa gatnaşyjylara ýetirdi. Döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň adyndan beýan eden teklipleridir pikirleri üns bilen diňlenildi.
Sammitiň gün tertibine ekoulgamlary we biologik köpdürlüligi goramak, ekologiýa başlangyçlaryny maliýeleşdirmek hem-de BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň esasy maksatnamasyna (COP17) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly işler girizilipdir.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, tebigaty goramak boýunça halkara mehanizmleriniň kuwwatyny doly derejede ulanmagyň zerurdygyna ünsi çekdi. Şeýle hem tebigy mirasy gorap saklamak, ylmy barlaglary ösdürmek ulgamynda ýurdumyzyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady. «Bütindünýä mirasynyň «Aram guşaklygynyň Turan çölleri» transmilli obýektiniň düzümine Türkmenistanyň tebigy çäkleriniň girizilmegi halkara hyzmatdaşlygyň ekoulgamlary gorap saklamaga ýardam berýändiginiň aýdyň mysaly boldy.
Ýerewan şäherinde geçirilen Liderler sammiti diňe bir saýlanyp alnan ugur boýunça däl-de, eýsem, parahatçylyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda hem gatnaşyklary berkitmekde ähmiýetli boldy.
Gurbangül BAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.