16-njy oktýabrda Daşkent şäherinde «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowany hormatlamak dabarasy geçirildi. Çäre Özbegistan Respublikasynyň milli medeni merkezleriniň pawilýonynda guraldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär.
«Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyry şu ýylyň 7-nji oktýabrynda Türkmenbaşy şäherinde geçirilipdi. Bäsleşigiň ýeňijisi bolan Amina Mahmudowa mynasybetli Daşkentde geçirilen dabaraly çärä Özbegistan Respublikasynyň medeniýet ministri O.Nazarbekow, Özbegistan Respublikasynyň Milletara gatnaşyklar we daşary ýurtlardaky watandaşlar baradaky komitetiniň başlygy K.Sariýew, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Mejlisiniň deputatlary gatnaşdylar.
Şeýle hem çärä Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ş.Meredow, Özbegistanda akkreditirlenen diplomatik korpusyň, döwlet edaralarynyň, milli medeni merkezleriň, jemgyýetçilik guramalarynyň we döredijilik toparlarynyň wekilleri, şeýle hem türkmen talyplary gatnaşdylar.
Dabaranyň dowamynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisi Amina Mahmudowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan baş baýrak hökmünde «ZEEKR 9X» kysymly awtoulag bilen sylaglandy.
Çärede çykyş edenler «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň milli medeni mirasy gorap saklamakda we ony giňden wagyz etmekde, zehinli ýaşlary goldamakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Şeýle hem bu bäsleşigiň halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary, medeni we ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşant goşýandygy nygtaldy.
Dabarada Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky köpasyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara hormat goýmak däplerine esaslanýan medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ähmiýetine aýratyn üns berildi.
Aýlar ANNAREJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.