Dutar türkmen halkynyň gadymy saz gurallarynyň biridir. Ol ýakymly owazy bilen halkymyzyň medeniýetinde we sungatynda aýratyn orun eýeleýär. Dutar diňe bir saz guraly bolman, eýsem, türkmen halkynyň taryhyny, däp-dessurlaryny we ruhy baýlygyny özünde jemleýän gymmatly mirasdyr.
Bu saz guralyň ady iki sany taryň bardygyny aňladýar. Ol agaçdan ýasalyp, uzyn sapyndan we owaz berýän göwresinden ybaratdyr. Dutaryň iki tarynyň kömegi bilen dürli owazlary we sazlary ýerine ýetirmek mümkin. Ussalar dutary ýasanda onuň agajynyň saýlanyşyna, görnüşine we sesiniň arassalygyna aýratyn üns berýärler.
Türkmen halkynyň durmuşynda dutaryň ähmiýeti örän uludyr. Gadymy döwürlerden bäri bagşylar dutaryň sazyna goşulyp, halk aýdymlaryny we dessanlary ýerine ýetirip gelipdirler. «Görogly», «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mejnun» ýaly dessanlaryň halk arasynda ýaýramagynda bagşylaryň we dutaryň uly hyzmaty bolupdyr. Bagşynyň dutardan çykarýan owazy diňleýjileriň kalbyna täsir edip, olara geçmişiň wakalaryny, halkyň arzuwlaryny we duýgularyny ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Dutar türkmen toýlarynda, baýramçylyklarda we dürli medeni çärelerde hem giňden ulanylýar. Ol halk aýdym-sazynyň aýrylmaz bölegi bolup, nesilden-nesle geçirilip gelýän milli gymmatlyklaryň biridir. Häzirki döwürde hem dutar çalmak sungatyna uly ähmiýet berilýär. Ýaş nesiller dutar çalmagy öwrenip, ata-babalarymyzdan miras galan bu ajaýyp sungaty dowam etdirýärler.
Ajaýyp saz guralymyz türkmen halkynyň milli buýsanjydyr. Onuň owazy halkymyzyň taryhyny, medeniýetini we ruhy dünýäsini şöhlelendirýär. Şonuň üçin dutary gorap saklamak, onuň çalynyşyny öwrenmek we ýaş nesillere öwretmek biziň her birimiziň borjumyzdyr.
Geçmişde Şükür bagşy saz sungatynyň ösmegine uly goşant goşan adam hökmünde tanalýar. Meşhur sazandamyzyň eden aýgytly hereketini biziň ilde bilmeýän ýok bolsa gerek. Mälim bolşy ýaly, ol köşk sazandasy bilen bäsleşikde garşydaşyny ýeňlişe sezewar edip, doganyny bendihanadan azat edýär. Munuň özi parahatçylyk söýüji türkmenleriň taryhy durmuşyndan bir mysaldyr. Sazanda duşmançylygy söýgi, adamkärçilik, aýdym-saz bilen ýeňip bolýandygyny bütin dünýä äşgär etdi.
Sahydursun MÄTIÝEWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen
milli konserwatoriýasynyň
Halk sazy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.