logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Airbus A330-200P2F» kysymly ýene bir ýük uçary satyn alyndy!
  28.04.2023
1095
«Airbus A330-200P2F» kysymly ýene bir ýük uçary satyn alyndy!

27-nji aprelde paýtagtymyzyň Halkara howa menziline «Airbus A330-200P2F» kysymly ýük uçary gelip gondy. Bu uçar Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, «Türkmenhowaýollary» agentligi bilen Fransiýanyň «Airbus S.A.S.» kompaniýasynyň arasynda baglaşylan şertnama esasynda Türkmenistanyň satyn alýan şeýle kysymly häzirki zaman uçarlarynyň ikinjisi bolup durýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, «Türkmenhowaýollarynyň» Merkezi Aziýada ilkinji bolup, «Airbus A330-200P2F» kysymly uçarlary satyn aldy. Häzirki zaman uçarlarynyň satyn alynmagy milli raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, bu ugurdaky islegi kanagatlandyrmaga, howa ýük gatnawlaryny ýokary derejede amala aşyrmaga hem-de hyzmatdaş döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin amatly şertleriň döredilmegine ýardam berer.

«Airbus A330-200P2F» kysymly uçarlar dürli möçberdäki ýükleri uzak aralyklara daşamak üçin niýetlenendir. Bu uçarlaryň uçuş uzaklygy 13 müň kilometrden gowrakdyr hem-de olar 60 tonna çenli ýük daşamak mümkinçiligine eýedir.

«Airbus A330-200P2F» ýük uçarlarynyň uçarmanlary we olara tehniki hyzmat etmek boýunça hünärmenler Singapurda we Fransiýada taýýarlyk geçip geldiler.