Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Ajaýyp şäher ösýär, özgerýär
  24.03.2021
566
Ajaýyp şäher ösýär, özgerýär

       Ak mermerli Aşgabat halkymyzyň guwanjy, buýsanjy çünki bu günki gün ýurdumyzyň guwanjy, ýüregi gözel Aşgabat dünýäde iň owadan we dünýäde ýaşamak üçin has amatly şäherleriň hatarynda tanalýar. Paýtagtymyzda ajaýyp binalaryň örän köp sanlysynyň gurulmagy Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrýar. Aşgabat sebit we düýä hyzmatdaşlarynyň merkezine öwrüldi. Munuň özi halkara çärelerini geçirmek, daşary ýurtly myhmanlary kabul etmek üçin şertleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. Bu ösüşler Berkarar döwletimizi haýrana goýýan täze ösüşlere we özgerişlere aýratyn beýik binalaryň agşamky gözelligide haýran galdyrýar. Agşamara paýtagtymyzyň günorta-günbatar böleginde gurulyp, ulanylmaga berlen beýik binalar, täsin desgalar ajaýyp köşükler hem-de bu töwerekde täze gurulan ýollar, tutuş ak şäherimizde bolşy ýaly, bagtyýarlygyň nurana yşyklaryna dolýar. Soňky ýyllarda paýtagtymyz ýol-köpri gurluşygyndaky özgerişikler bada-bat ünsüňi özüne çekýär. Paýtagtymyzda bina edilýän binalardyr desgalar özboluşlygy we giň gerimliligi bilen tapawutlanýar. Şol desgalaryň köpüsiniň halkara derejeli binagärlik baýraklaryna mynasyp bolup, Ginnesiň rekortlar kitabyna girizilmegi bizi diýseň buýsandyrýar. Munuň özi gözel Aşgabadymyzyň binagärlik, şähergurluşyk sungatynyň düýä derejesinde ykrar edilmeginiň güwänamasydyr. Aşgabat şäheriniň çäginde döwrebap edara binalarynyň, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň, mekdepleriň, hassahanalaryň, saglyk öýüniň, ilata hyzmat ediş desgalarynyň, inženerçilik ulgamynyň we ýollarynyň, şeýle hem paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň dynç almaklary üçin niýetlenen seýilgähleriň gurluşygy dowam etdirilýär. Mundan başgada, Aşgabadyň gök zolaklary we bagy-bossanlygy şäheriň görküne görk goşýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründeak mermerli Aşgabadymyz gün saýyn ösýär özgerýär. Paýtagtymyzyň özüniň gözel keşbi, özgerişi bilen “Aziýanyň merjeni” diýlip tanalýar.