logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Nature /Ajaýyp «Swarowskiý» çüwdürimi nirede ýerleşýär?
  29.12.2022
1158
Ajaýyp «Swarowskiý» çüwdürimi nirede ýerleşýär?

Dünýäde birnäçe ajaýyp we täsin çüwdürimler bardyr. Şol çüwdürimleriň biri hem Awstriýanyň Insbruk şäherinde ýerleşýär. Awstriýaly suratkeş Andre Heller adamyň kellesi görnüşinde ýaşyl reňkli çüwdürimi döretdi. Binanyň içinde 1995-nji ýylda döredilen Swarowskiý  kärhanasynyň ýüzýyllygyna döredilen Swarowskiý muzeýi ýerleşýär. Bu kelle görnüşindäki  çüwdürimiň «agzyndan» suw akýar,  «gözleri»  bolsa  Swarowskiý aýnasyndan ýasalan.

Çüwdürim şu wagta çenli haýran galdyrmagy bes etmeýär. Onuň ösüşine öňdebaryjy heýkeltaraşlaryň we binagäleriň topary gatnaşdy. Şol bir wagtyň özünde çüwdürim kristallar muzeýine girelge bolup durýar. Bu hakykatdan hem häzirki zaman sungatynyň ajaýyplygydyr. Muzeýiň özi ýer astynda ýerleşýär. Çüwdürimden geçip muzeýe girmek mümkin däldir. Bu muzeýde dünýädäki iň uly agramy 300000 tonna barabar  emeli kristal ýerleşýär we ol Ginnesiň Rekordlar Kitabyna girizilendir.  

 

Serdar HOJÝAZOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.