logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /“Ak altyn” harmanlary beýgelýär
  04.11.2020
790
“Ak altyn” harmanlary beýgelýär

      Daýhan “çekseň zähmet ýagar rehnet” diýen pederlerimiziň pähim-paýhasly sözlerine eýerýär. Ol bu gün alyn derini siňdirip kemala getirilen gowaça hasylyny ýygnaýar. Pagtaçy kärendeçileriň tagallasy bilen ekerançylyk meýdanlary ak hanalara bezeldi. Onuň yhlasly zähmeti bilen bitginli hasyl bu günki-günde pagta kabul ediş harmanlaryna daşalýar. Şonuň üçin hem Tejen etrabynyň Gowkyzereň, Tejen merkezi we Altyn asyr pagta kabul ediş kärhanalarynda gije-gündüziň dowamynda joşgunly zähmet alnyp barylýar. Ol harmanhanalarda köpmüňçi ýygymçylaryň ýygan pagta hasyllary, şeýle hem kuwwatly pagta ýygyjy maşynlar bilen ýygnalan “ak altynlar” kabul edilýär.

     Tejenli pagtaçylar şu günler howanyň amatly şertlerinden netijeli peýdalanýarlar. Olar hasylyň ýekeje hanasynyň hem zaýalamazlyga çalyşýarlar. Bu ugurda etrabyň jemgyýetçilik guramalary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Olar yglan edilen 10 günlik ýaryşlaryň netijeleri boýunça öňde baryjy kärendeçilere, köpmüňçi ýygymçylara we awtoulagyň sürüjilerine iş üstünde sowgatlary gowşurýarlar. Munuň özi bolsa pagta ýygymyna gatnaşýanlaryň ählisine has hem üstünlikli işlemekleriniň täsirini ýetirýär hem-de etrabyň pagta kabul ediş “ak altynly” harmanhanalarynyň has hem beýgelmegine getirýär.