logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ak altyn ussatlary
  12.10.2020
885
Ak altyn ussatlary

     Ak pagtanyň bereketli hasylyny ýygnap almak ugrunda ýadawsyz zähmet çekýän Babadaýhan etrabynyň pagtaçylary şu günler ýygymyň depginini barha güýçlendirýärler. Olar meýdanlardaky hasylyň gysga möhletde, zaýasyz ýygnalyp alynmagy üçin güniň her bir sagadyny netijeli peýdalanýarlar. Ýygymyň barha gyzyşyp gündelik taýýarlanýan hasylyň artmagynda etrabyň Türkmenistan daýhan birleşiginde “ak altyn” ussatlarynyň mynasyp paýy bar. “Türkmenistan- Bitaraplygyň mekany” ýylynda zähmet söýer daýhanlarmyza Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtdan satyn alyp berýän kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlarynyň Babadaýhan etrabyna 13 sanysynyň gelip gowuşmagy daýhanlarmyzyň höwesini has-da artdyrdy. Mehanizatorlar özlerine berkidilen pagta ýygyjy kombaýnlary saz we ýokary öndürjilikli işledýärler. Olar şu günler birleşigiň “Ataly” ýaýlasynyň hasylyny ýygnap almaga gatnaşýarlar. Birleşigiň hasyl ussatlary ýygym möwsümini ýokary depginde alyp barmak bilen, daýhan birleşiginde öňdebaryjy höküminde öňe saýlanýanlar. Işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde kärende ýerlerinden bol hasyl alyp şertnamalaýyn tabşyryklaryny berjaý edýän kärendeçileriň sany günsaýyn artýar. Şeýle kärendeçileriň hatarynda Hakberdiýew Gurbannepes, Hakberdiýew Baýramgeldi dagynyň ady agzalmaga mynasypdyr. Öňdebaryjy kärendeçilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan hem-de TAP-nyň Babadaýhan etrap komiteti tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşyrylýar.