logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ak altyna idegler talabalaýyk ýerine ýetirilýär
  24.06.2021
698
Ak altyna idegler talabalaýyk ýerine ýetirilýär

Berkerar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda kärendeçi daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl almagynda hem-de önjeýli zähmet çekmeklerinde uly mümkinçilikler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň pagtaçy kärendeçileri hem özleriniň yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Şu ýyl etrap boýunça 18 müň 500 gektar meýdanda inçe süýümli pagtanyň 5 müň 500 tonnasy, orta süýümli pagtanyň 13 müň tonnasy ekilip, ak altynyň 35 müň 800 tonnasyny watan harmanyna tabşyrmaklygy meýilleşdirýän kärendeçi babadaýhanlar şu günler gowaça meýdanlaryna ideg etmek boýunça işleri agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alyp barmakda öz yhlaslaryny görkezýärler.

Her bir çäräniň agrotehniki möhletlerde alyp barylmagynyň wajypdygyna oňat düşünýän pagtaçy kärendeçiler ekine karbamid, selitra ýaly azotly dökünleri bermek işine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Etrabyň zähmetsöýer daýhanlary gowaça meýdanlarynda dördünji hatarara bejeriş işlerini, üçünji otag işlerini, ikinji, üçünji ösüş suwlaryny tutmak, zyýankeşlere garşy dürli dermanlary bermek işlerini geçirmek ýaly agrotehniki çäreleri hem ünsden düşürmeýärler. Häzirki döwürde ikinji iýmitlendirme işleri geçirilýär. Sarahs etraby boýunça iki sany ýagny Ak altyn we Gaňňaly pagta kabul ediş harmanhanalary bolup, olarda häzirki günlerden taýýarlyk işleri görülýär. Gyzgalaňly günlerde özlerine döredilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanýan pagtaçy kärendeçileriň çekýän yhlasly zähmeti watan harmanyna ak altynyň bol hasylyny tabşyrmaklygyň hötdesinden geljekdikleri aýdyňlygy bilen duýulýar.