Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Awaza 2025: "Geosyýasy dialog, täzeçil garaýyşlar" ✦ ✦ Awaza 2025: "Raýat Jemgyýeti" Forumy ✦ ✦ Awaza 2025: "Ugurdaş Çäreler" ✦ ✦ “Sagdyn nesil — arassa ekologiýa” atly medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Aşgabatda metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi ✦ ✦ Awaza 2025: Ýokary derejeli forumlar ✦ ✦ Türkmen Programmisti ABŞ-da Baş Baýragynyň eýesi boldy ✦ ✦ ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezinde metbugat sowatlylygy boýunça okuw çäresi geçirildi. ✦ ✦ LLDC3 программа способствует получению необходимой информации ✦ ✦ LLDC3 programmasy zerur maglumatlara ýardam berer ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Ak altynly harmanyňa bereket
  16.11.2021
336
Ak altynly harmanyňa bereket

Ähli ösüşleriň gözbaşynda duran Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde bagtyýar halkymyzyň asuda, parahat, bolelin durmuşyň hözirini görüp ýaşaýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamlary bilen bir hatarda oba hojalyk ulgamynda hem uly işler durmuşa geçirilýär. Mukaddes ene topraga siňdirilen yhlas netijesinde kemala gelen “Ak altyn” harmany barha beýgelýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde zähmetkeş oba hojalykçylarymyz täze tehnikalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallaryň işi bökdençsiz ýola guýulýar. Asly nurdan dörän gadymy türkmen halkynyň bereketli topragy özüniň bol hasylny eçildi. Ynha Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etraby hem ýurdumyzda öňdebaryjy etraplaryň hatarynda Watan harmanyna pagta tabşyrmak boýunça borçnamasyny ýerine ýetirdi. Şu nukdaýnazardan hem Ak bugday etrabynyň bagtyýar raýatlary bu gün toý lybasynda. 14.11.2021-nji ýyl senede Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynda Ahal welaýatynyň edermen babadaýhanlarynyň Watan harmanyna pagta tabşyrmak boýunça borçnamasyny ýerine ýetirendikleri mynasybetli “Toprak halkyň seždegähi-daýanjy, gözellik mirasy-hazyna genji” diýen at bilen dabaraly, aýdym-sazly medeni çäre geçirildi. Medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda geçirilen bu dabaraly çäre özüniň has täsirliligi bilen aýratyn bir mana eýe boldy. Dabaranyň dowamynda Ahal welaýatynyň oba hojalyk ulgamynda zähmet çekýän öňdebaryjy, tapawutlanan edermen babadaýhanlarymyza Hormatly Prezidentimiziň gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy. Bu bolsa elbetde gursagy Watana bolan söýgiden doly edermen Türkmen babadaýhanlarynyň altyn öwsüp duran pagta meýdanlarynda, “Ak altynly” pellerde zähmet çekmäge işe bolan hyjuwlaryny has-da artdyrdy. Bu günki geçirilen dabaraly çärä Ahal welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylary, talyp ýaşlar, şeýle-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar. Olar bu günki geçirilen dabaraly çärede ak pagtamyzdan öndürilýän önümler we gök bakja önümleri bilen ýakyndan tanyş boldular. Umuman aýdylanda bu günki geçirilen dabaraly çäre halk köpçüliginde uly täsir galdyrdy.  

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ýurdymyzyň oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän oba hojalykçylarymyzyň öňde goýän maksatlary bagta rowana!

Şu günki geçirilen aýdym-sazly medeni çärä gatnaşyjylar Ýurdymyzyň oba hojalygy ugrunda irginsiz aladalar edýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, belent başynyň aman, il ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaç almagyny arzuw etdiler.