logo

Latest news:
✦ Türkmenistan bilen Gruziýanyň arasynda golýazmalary öwrenmek boýunça ylmy hyzmatdaşlyk başlandy ✦ ✦ Dünýädäki iň döwrebap robot haýsy? ✦ ✦ «Biznes-Intellekt» bäsleşigi ýaş zehinleri ýüze çykardy ✦ ✦ Syýahatçylyk mekdebiniň talyplary türkmen haly sungaty bilen tanyşdylar ✦ ✦ TOHU-da ykdysadyýet ugrunda möhüm meseleler boýunça pikir alyşma duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň 109-njy maslahatyna gatnaşdy ✦ ✦ Saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy ösdürilýär ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti «Energoprom-2026» halkara forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Azat Annadurdyýew: Sanly arheologiýa uly mümkinçilikleri açýar ✦ ✦ Kompýuter tehnologiýasynyň ösüşi ✦
Home / Economics /“Ak altynym-ak bagtym”
  23.03.2022
884
“Ak altynym-ak bagtym”

Ýurdymyzyň  bagtyýarlygyndan, jebisliginden, asudalygyndan eşret tapan türkmen  halky elmydama bagytly durmuşda ýaşaýar. Häzirki  wagtda bahar paslynyň gelmegi bilen ýurdymyzyň ähli künjeklerinde gowaça ekiş döwri dowam edýar. Mele toprakly ekin meýdanlary zähmetkeş  babadaýhanlarymyzyň kalbyny joşa getirip, has-da öndürijilikli işlemäge ruhlandyrýar. Çünki “Ak altyn-ak bagtymyza” deňelýär. Mehanizatorlarymyz kuwwatly tehnikanyň güýjinden netijeli peýdalanýarlar. Ynha şu ajaýyp başlangyçlardan ugur alyp hem Ahal welaýat häkimligi tarapyndan Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çägine degişli bolan ekin meýdanynda Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, ýaşuly nesilleriň wekilleriniň gatnaşmaklarynda gowaça ekişine ak pata berildi. Gowaça ekişiniň geçiriljek ýerinde halkymyzyň milliligine has-da uly üns berlipdir. Türkmeniň milli ak öýleriniň gurulmagy, birnäçe milli sergileriň gurnalmagy dabaranyň has-da milliligini artdyrdy. Şeýle-de, oba hojalyk ulgamyna degişli bolan birnäçe önümleriň sergisi gurnaldy. Ahal welaýaty boýunça bu günki geçirilen gowaça ekişine ýaşuly nesillerimiziň wekilleriniň  gatnaşmaklary bu geçirilen çärä aýratyn bir millilik ruhuny çaýdy. Medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdym sazlary dabara gatnaşyjylara ruhy-lezzet paýlady. Bu bolsa elbetde mehanizatorlaryň, edermen babadaýhanlarymyzyň öz halal  zähmetlerine bolan höweslerini has-da artdyrdy.

Ýurdymyzyň oba hojalygy ugrunda irginsiz aladalar edýän  Hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!