logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Agriculture /Ak altynyň möwsümi başlandy
  13.09.2025
2997
Ak altynyň möwsümi başlandy

10-njy sentýabrda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda pagta ýygymyna girişildi. Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen badalga alan möwsüm oba hojalyk pudagynyň we milli ykdysadyýetimiziň ösüşinde möhüm ähmiýete eýe boldy.


Ýaşulularyň doga-dilegleri bilen başlanýan bu asylly zähmet dabarasy ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleriň netijesidir. Döwrebap suwaryş ulgamlary, täze tehnikalar, sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy pagtaçylaryň işini ýeňilleşdirýär.


Meýdanlarda döwrebap kombaýnlar we ulag kerwenleri işjeň peýdalanylýar. Pagta kabul ediş bölümlerine ilkinji «ak altyn» gelip gowuşdy. Şonuň bilen birlikde sergiler guraldy, öňdebaryjy kärendeçilere gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.


Pagta ýygymy diňe bir ykdysady ähmiýetli däl, eýsem milli zähmet däplerimiziň dowamydyr. Bu möwsüm ýurdumyzyň ösüş ýolundaky nobatdaky üstünlikleriň alamaty bolup çykyş edýär.

Oguljan AMANGULIÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-niň talyby.