logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ak bazarlarda gök önümleriniň bolçulygy
  04.01.2021
769
Ak bazarlarda gök önümleriniň bolçulygy

     Bu günki-günde döwletimizde pudaklaryň ösdürilmegi, şeýle-de kämilleşdirilmegi üçin giň möçberli uly işleri amala aşyrylýar. Ýurdumyzda telekeçiligi döwlet goldawy esasynda maksady täze iş orunlaryny döretmekden, onuň bäsleşige ukyplydygyny ýokarlandyrmakdan maýa goýum işjeňligini artdyrmakdan ybaratdyr. Orta we ýokary telekeçiligiň ösdürilmegi täze iş orunlarynyň döredilmegi ugrundaky işler yzygiderli alnyp barylýar.

      Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Garaşsyzlyk obasynyň çäginde ýerleşýän “Nedir gala” hususy kärhanasynyň hünärmenleri ýurdumyzda orta we ýokary telekeçilere berilýän ýeňilliklerinden netijeli peýdalanýarlar. Olar şol ýeňilliklerden ugur alyp, özlerine degişli ekerançylyk meýdanlaryndan bol we ýokary hilli önümleri almak ugrunda çalyşýarlar. Olar gök önümleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirp, olary ak bazarlarda halkymyza elýeterli görnüşde çykarýarlar. Bu hususy kärhananyň baş maksady ekerançylyk bilen meşgullanmakdyr. Kärhananyň öndürýän önümleri gyşyň-ýazyň öz önümini eçilýär.

      Şeýle-de, kärhananyň işçileri “Ýaz aksyzdan, güýz göksüzden maslahat sorama” diýen halkymyz agyny-gögüni özi bilen üpjün edibilýän kişini hemişe döwlet hasaplapdyrlar. Häzirki wagtda kärhananyň işgärleriniň arasynda yzygiderli bäsleşikler geçirilip, ýaryşyň ýeňijilerini höweslendirilip durulýär.

      Geljekde bu hususy kärhanada gök-bakja önümleriniň has-da artdyrmak meýilleşdirilýär. Bu bolsa etrabyň çäginde däl-de, eýsem ýurdumyzyň ähli künjeginde gök önümleriniň bolçulygyna oňyn täsirini ýetirer.