logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynda ders bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi
  13.03.2023
1273
Ak bugdaý etrabynda ders bäsleşiginiň etrap tapgyry geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde 8-9-njy synp okuwçylaryň arasynda «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşigiň etrap tapgyry boldy. Oňa etrapdaky umumybilim berýän orta mekdepleriň zehinli okuwçylary gatnaşdy.

Ders bäsleşiginiň guramaçylykly geçmegi üçin etrap bilim bölümi tarapyndan uly tagalla edildi, şonuň bilen baglylykda, degişli okuw derslerine niýetlenen otaglarda bäsleşige gatnaşyjylar üçin ähli zerur şertlerdir mümkinçilikler üpjün edildi. Bu bolsa, ders bäsleşiginiň ýokary derejede geçmegine mümkinçilik berdi.

Iki günläp dowam eden bäsleşikde her okuw dersi boýunça aýratyn zehinli çagalar ýüze çykaryldy. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bolan nobatdaky bäsleşik etrabymyzda zehinli ýaşlaryň az däldigini aýdyňlygy bilen görkezdi.