logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynda usuly-maslahatlar geçirilýär
  07.04.2023
781
Ak bugdaý etrabynda usuly-maslahatlar geçirilýär

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň çägindäki edara-kärhanalarda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Tertipnamalaýyn wezipelerini berjaý etmekden, jemgyýetde jebisligi pugtalandyrmakdan, sagdyn durmuşy wagyz etmekden, zähmetkeşler üçin howpsuz we amatly iş şertlerini döretmäge ýardam bermekden, ata Watanymyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine gönükdirilen işleri durmuşa geçirmekden, şeýle-de edara-kärhanalaryň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň guramagynda «Zähmeti goramak — sagdyn we howpsuz iş şertleriniň girewi» atly usuly-maslahatlar geçirilýär.

Usuly-maslahatlarda zähmeti goramak bilen bagly kadalary, düzgünleri berjaý etmek boýunça gürrüň edilýär, degerli maslahatlar berilýär, tejribe alşylýar.