logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär
  13.09.2022
733
Ak bugdaý etrabynda wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär

Şu günler Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalary hem-de etrabyň polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesi tarapyndan bilim-terbiýeçilik ojaklarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli wagyz-nesihat, düşündiriş çäreleri geçirilýär. Golaýda, Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 45-nji orta mekdepde, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň hem-de etrap Polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda duşuşyk geçirildi.

 

 

Duşuşyga okuwçy ýaşlar gatnaşyp, ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýarlygy, abadançylygy ugrunda durmuşa geçirilýän giň möçberli işleriň ähmiýeti dogrusynda gyzykly gürrüň edildi.