logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  15.03.2023
887
Ak bugdaý etrabynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ýörite meýilnama esasynda geçirilen duşuşyk etrabyň jemgyýetçilik guramalary, hukuk goraýjy edaralary hem-de etrap bilim bölümi tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa ýaş bilim işgärleridir okuwçy ýaşlar gatnaşdy.

Duşuşykda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Çemen Könäýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Rejepgeldi Atajanow, etrabyň prokurorynyň kömekçisi Merdan Begliýew, etrap Polisiýa bölüminiň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň gözegçisi, polisiýanyň leýtenanty Azat Jumaýew dagynyň çykyşlary has-da täsirli boldy. Çykyş edenler ýurdumyzda sagdyn jemgyýeti berkarar etmek, ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegini gazanmak ugrunda edilýän tagallalar barada gürrüň berip, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň, boş wagtlary peýdaly işlere sarp etmegiň ähmiýeti dogrusynda belläp geçdiler, sagdyn durmuş ýörelgelerine birkemsiz eýermek boýunça öwüt-ündewlerini aýtdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar ýaşlaryň saglygyny goramakda, bagtyýar durmuşy üpjün etmekde amala aşyrýan bimöçber işleri üçin hormatly Prezidentimiziň adyna çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.