logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  15.02.2023
922
Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň häzirki şanly günlerinde Ahal welaýat Polisiýa müdirligi welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde ýaşlaryň arasynda baý many-mazmunly çäreleri guraýar. Ak bugdaý etrabyndaky 16-njy orta mekdebiň mejlisler jaýynda bolan wagyz-nesihat häsiýetli duşuşyklar hem şeýle çäreleriň biri boldy.

Duşuşykda ýaşlaryň jemgyýetimizdäki orny, berkarar Watanymyzda olar hakda edilýän alada dogrusynda gürrüň edildi. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda göz öňüne tutulan wezipeler, şonuň çäginde ýaşlar bilen alnyp barylýan işleriň ähmiýeti hakdaky gürrüňe üns çekildi.

Çykyş edenler häzirki wagtda ýaşlar bilen geçirilýän işleriň olaryň watansöýüjilik, zähmetsöýerlik, adamkärçilik, dogruçyllyk ýaly ýol-ýörelgeler esasynda terbiýelenmeginde, ilhalar adamlar bolup ýetişmeklerinde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, mekdep okuwçylaryna gymmatly öwüt-ündewlerini aýtdylar. Bilimleri çuňňur özleşdirmegiň, hünär öwrenmegiň, sport bilen yzygiderli meşgullanmagyň ähmiýeti dogrusyndaky gürrüňler duşuşygyň täsirliligini has-da artdyrdy.