logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi
  14.09.2022
889
Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Golaýda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 20-nji çagalar bagynda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi hem-de etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň bilelikde guramagynda körpelere köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini öwretmek boýunça wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

 

 

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýörite şertli belgiler bilen bezelen meýdançada körpelere ýoldan geçmegiň düzgünleri barada täsirli gürrüň berildi. Etrap polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýol gözegçiligi bölümçesiniň wekili körpeler bilen köçe-ýol hereketiniň kadalary boýunça özara sowal-jogap alyşdy.