logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabyndaky orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär
  25.01.2023
934
Ak bugdaý etrabyndaky orta mekdeplerde wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär

Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky umumybilim berýän orta mekdeplerde «Sagdyn durmuş — bagtyýar geljek» ady bilen wagyz-nesihat duşuşyklary geçirilýär. Ýörite meýilnama esasynda geçirilýän bu duşuşyklar Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň etrap bölümi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim bölümi hem-de etrap polisiýa bölümi tarapyndan bilelikde guralýar.

Etrapdaky 3-nji, 11-nji, 19-njy, 21-nji orta mekdeplerde bolan duşuşyklar has-da täsirli boldy. Ýokary synp mekdep okuwçylarynyň we ýaş mugallymlaryň gatnaşmagynda bolan duşuşyklaryň barşynda bilimleri çuňňur özleşdirmegiň, asylly ýol-ýörelgelere, sagdyn durmuş kadalaryna eýermegiň, sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti dogrusynda aýratyn durlup geçildi. Onda çykyş edenler ýaşlara watansöýüjilik, asyllylyk, ahlak arassalygy bilen bagly gymmatly öwütlerini aýtdylar.