logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuw-usuly maslahat geçirildi
  09.02.2023
1358
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuw-usuly maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 46-njy orta mekdepde okuw-usuly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy, Türkmenistanyň Milli bilim instituty, Ahal welaýat Baş bilim müdirligi, bu müdirligiň ýanyndaky umumybilim edaralarynyň mugallymlarynyň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileriniň hünär derejesini ýokarlandyryş merkezi tarapyndan guralan okuw-usuly maslahata welaýatyň etraplarynynyň mekdeplerinden degişli hünärmenler gatnaşdy.

Okuw-usuly maslahatyň açylyş dabarasynda welaýat Baş bilim müdirliginiň başlygy B.Çarlyýew çykyş edip, onuň üstünlikli we netijeli geçmegini arzuw etdi. Çykyş edenler bu çäräniň ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

Okuw-usuly maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünär kämilleşdiriş bölüminiň bölüm müdiri, biologiýa ylymlarynyň kandidaty S.Durdyýewiň, agzalan institutyň uly ylmy işgäri M.Meredowyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň kitaplary çapa taýýarlamak bölüminiň müdiri A.Kiçiýewiň çykyşlary uly dykgat bilen diňlendi.

Tebigaty öwreniş, ýaşaýyş-durmuş esaslary, geografiýa, ekologiýa, oba hojalyk zähmeti okuw dersleri boýunça jogapkär mugallymlar aýratyn synp otaglarynda degişli gollanmalardan mysaly okuw sapaklaryny geçdiler. Bu bolsa okuw-usuly maslahatyň many-mazmunyny we netijeliligini artdyrdy. Okuw-usuly maslahatyň çäginde guralan okuw-görkezme esbaplarynyň we ýaşlaryň taslama işleriniň sergisi hem uly gyzyklanma döretdi.