logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
  12.04.2022
1028
Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Bugdaýly geňeşliginde ilatyň dürli kesellere garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmak, sagdyn bedenli bolmagyny gazanmak we keselleriň öňüni almak maksady wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk etrap häkimliginiň meýilnamasy esasynda geçirildi. Oňa oba ýaşaýjylarydyr zähmetkeşler gatnaşdy.

Täsirli geçen duşuşykda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we saglygy goraýyş edaralarynyň işgärleri çykyş etdiler. Çykyş edenler, ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we berkitmek, keselleriň öňüni almak, bejermek boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygy barada gürrüň berdiler, şeýle-de ildeşlerimize sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip ýaşamak, dogry iýmitlenmek, mydama hereketde bolmak, zyýanly endiklerden daşda durmak boýunça gymmatly maslahatlaryny aýtdylar.