logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi
  18.01.2023
1340
Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde aýdym-sazly dabara geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Ony etrap medeniýet bölümi hem-de etrap merkezi kitaphanasy bilelikde gurady.

Dabarada berkarar Watanymyzda her bir ýyly döwrüň ruhuna laýyklykda atlandyrmagyň asylly däbe öwrülendigi, munuň ildeşlerimizi has-da hyjuwly zähmet çekmäge, gurmaga, döretmäge ruhlandyrýandygy, gadam basylan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynyň ýurdumyzda ýaşlara bildirilýän belent ynamyň alamatydygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Çykyş edenler şanly ýylyň ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda we beýleki pudaklarda uly üstünliklere beslenip, halkymyz, ýurdumyz üçin ýeňişli, şöhratly ýyl boljakdygyny buýsanç bilen bellediler.

Joşgunly, belent mukamly, şirin owazly aýdym-sazlar, milli öwüşginli tanslar dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Kitap we muzeý gymmatlyklarynyň sergisi şanly ýyla bagyşlanan dabara baý many-mazmun çaýdy.