logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Culture /Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde çäre geçirildi
  18.05.2022
1136
Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde çäre geçirildi

Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäginde ýurdumyzyň bagşy-sazandalarynyň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň etrap tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň bu tapgyryny etrap medeniýet bölümi gurady.

Bäsleşigiň dowamynda milli saz gurallaryny, dutar ýasamak senetçiligine degişli esbaplary we beýleki milli gymmatlyklary öz içine alýan sergi guraldy. Bagşy-sazandalar degişli şertlere laýyklykda, türkmen halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirmekde özleriniň zehin-başarnygyny görkezdiler.

Bäsleşigiň etrap tapgyrynda Magtymguly oba Medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Begmyrat Amanmyradow, etrabyň Çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Çeşme Öwezgeldiýewa, Berkarar şäherçe Medeniýet öýüniň işgäri Nazar Nazarow dagy baýrakly birinji, ikinji, üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýeňijilere hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.