logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler!
  04.05.2023
1111
Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri galla oragyna ykjam taýýarlyk görýärler!

Ak bugdaý etrabynyň oba zähmetkeşleri ak ekine göwnejaý ideg etmek bilen bir hatarda galla oragyna hem ykjam taýýarlyk görýärler. Galla oragy möwsüminde daýhanyň esasy daýanjyna öwrüljek däne orujy kombaýnlaryň taýýarlygyna şu günlerden aýratyn ähmiýet berilýär.

Ak bugdaý etrabynyň tehniki hyzmat ediş kärhanasynda bar bolan ýokary öndürijilikli däne orujy kombaýnlaryň her biri gözden geçirilip, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Bu babatda abatlaýjy ussalaryň alyp barýan işleri bellenmäge mynasypdyr. Möwsümde kombaýnlary tejribesi ýetik mehanizatorlara berkitmek maksat edinilýär. Şeýle mehanizatorlaryň arasynda ýaşlaryň hem bolmagy guwandyrýar.