logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ak bugdaý etrabynyň öňdebaryjy ýüpekçilerine sowgatlar gowşuryldy
  12.05.2022
974
Ak bugdaý etrabynyň öňdebaryjy ýüpekçilerine sowgatlar gowşuryldy

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ýüpekçileri hem möwsümi guramaçylykly alyp barýarlar. Etrabyň ýüpekçileri çig piläniň ýokary hasylyny taýýarlamak we kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak işlerine jogapkärli çemeleşýärler. Etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bu asylly işde olaryň armasyny ýetirmek bilen, öňdebaryjylary höweslendirýärler.

Ýakynda, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň wekilleri M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ýüpekçileriniň armasyny ýetirmek maksadyndan ugur alyp, olar bilen iş üstünde duşuşyk geçirdiler hem-de häzirki jogapkärli möwsümi üstünlikli jemlemek boýunça arzuwlaryny aýtdylar. Duşuşygyň dowamynda olar öňdebaryjy ýüpekçileriň birnäçesine sowgat gowşurdylar.