logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Agriculture /Ak bugdaý etrabynyň pileçileri ýokary netije görkezýärler
  17.05.2023
689
Ak bugdaý etrabynyň pileçileri ýokary netije görkezýärler

Ak bugdaý etrabynyň pileçileri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny ýüpekçilikde ýokary görkezijilere beslemek hyjuwy bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Möwsümde etrabyň M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pileçi daýhanlarynyň zähmet göreldesi nusga alarlykdyr.

M.Sopyýew adyndaky Oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pileçileri üstümizdäki ýylda hem möwsüme taýýarlykly gelip, 130 gap ýüpek gurçugyny ilkinji günlerden talabalaýyk idetdiler. Işlerini sazlaşykly we utgaşykly alyp baran pileçileriň ideden ýüpek gurçuklary irki möhletde kadaly saryma durdy. Şeýlelikde, hojalykda köpçülikleýin pile saramaga girişildi we oňyn netije gazanyldy.

Ýeri gelende belläp geçsek, paýdarlar jemgyýeti boýunça ýokary hilli çig piläniň 5 tonna 200 kilogramdan gowragy kabul ediş nokadyna tabşyrylyp, bu babatdaky borçnama artygy bilen berjaý edildi. Gazanylan zähmet üstünliginde Nurgözel Akmedowa, Abadangözel Hoşşyýewa, Maýagözel Nurullaýewa, Dünýägözel Durdyýewa ýaly ýüpekçi-kärendeçileriň saldamly goşandy bardyr. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň wekilleri öňdebaryjy pileçiler bilen duşuşyp, olara sowgatlaryny gowşurdylar.