logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /Ak bugdaý etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri 40 tonna ýokary hilli piläni taýýarlamagy maksat edinýärler
  05.04.2022
1347
Ak bugdaý etrabynyň ýüpekçi kärendeçileri 40 tonna ýokary hilli piläni taýýarlamagy maksat edinýärler

Ak bugdaý etrabynda ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümine aýratyn ähmiýet berilýär. Etrabyň ýüpekçi kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda 40 tonna ýokary hilli piläni taýýarlamagy maksat edinýärler. Munuň üçin ýüpekçi kärendeçiler bu jogapkärli möwsüme irgözinden ykjam taýýarlyk gördüler. Kärendeçiler gurçuk idediljek jaýlary bu işe degişli talaplara laýyklykda taýýarlamaga girişdiler. Jaýlary oňat dermanlap, arassa ýagdaýa getirdiler.

Möwsümiň öňýanynda ýörite hünärmenler ýerlerde bolup, ýüpekçi kärendeçiler bilen duşuşdylar, gurçuk idediljek jaýlarda döredilýän şertler bilen tanyşdylar, ýüpekçilere degerli maslahatlaryny berdiler.