logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrap häkimliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi
  09.02.2023
844
Ak bugdaý etrap häkimliginde wagyz-nesihat maslahaty geçirildi

Ak bugdaý etrap häkimliginiň kiçi mejlislar jaýynda geçirilen wagyz-nesihat maslahatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ildeşlerimize düşündirmek maksat edinildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň meýilnamasy esasynda guralan maslahata bilim işgärleri gatnaşdy.

Halk häkimiýetliliginiň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi we Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy täze taryhy döwrümiziň şanly wakasyna öwrülip, ýurdumyzda milli demokratik ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny görkezdi. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisinde şonuň bilen bagly edilen gürrüňleriň we kabul edilen çözgütleriň halkymyz tarapyndan gyzgyn seslenme döredendigini çykyş edenler belläp geçdiler. Berkarar Watanymyzyň abraý-mertebesini dünýäde belende göteren, halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen halkynyň Milli Lideri adynyň kanun esasynda berkidilmegi bilen bagly joşgunly çykyşlar maslahatyň täsirliligini artdyrdy.

Ruhubelentlikde geçen maslahatyň dowamynda halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna päk ýürekden çykýan alkyşly sözler beýan edildi.