logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrap hassahanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi
  01.06.2023
902
Ak bugdaý etrap hassahanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Ak bugdaý etrap hassahanasynda dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk diýseň täsirli boldy. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşinde Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşulular hassahananyň çagalar bölüminde bolup, ol ýerde bejergi alýan çagalary baýramçylyk mynasybetli gutladylar we ýagşy arzuwlaryny beýan etdiler.

Hassahananyň mejlisler jaýynda bolan dabaraly duşuşyga lukmanlar, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna bejergi geçirilen çagalar we olaryň ene-atalary hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.