logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak bugdaý etrap hassahanasynda maslahat geçirildi
  02.02.2023
1118
Ak bugdaý etrap hassahanasynda maslahat geçirildi

Ak bugdaý etrap hassahanasynyň mejlisler jaýynda «Halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň dabaralanmasy» ady bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşiniň we etrap hassahanasynyň bilelikde guramagynda bolan wagyz-nesihat häsiýetli maslahata saglygy goraýyş işgärleriniň uly topary gatnaşdy.

Maslahatda Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa, Ak bugdaý etrap hassahanasynyň Gämi oba şahamçasynyň bölüm müdiri, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Nurmuhammet Otuzow, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň işgäri Uzuk Ýazmyradowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň bölüm müdiri Rejepgeldi Atajanow öz çykyşlarynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisiniň taryhy ähmiýeti barada söz açyp, bu döwletli maslahatyň halkymyzyň halk häkimiýetliliginiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygynyň alamatyna öwrülendigini nygtadylar.

Täsirli geçen maslahata gatnaşyjylar ýurdumyzy ösüşleriň ýoly bilen öňe alyp barýan, halkymyzy eşretli durmuşa ýetiren Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.