logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Science and Education /Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň okyjy sany 3878-e ýetdi
  17.08.2022
878
Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň okyjy sany 3878-e ýetdi

Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda baý many-mazmunly çäreler yzygiderli geçirilýär. Kitaphana okyjylary ýylyň şygary we şanly seneler mynasybetli geçirilýän dabaralara, döredijilik duşuşyklaryna, baýramçylyk kitap sergilerine, şeýle-de edebiýat agşamlaryna uly höwes bilen işjeň gatnaşýar.

 

Ildeşlerimiziň arasynda kitaphanalaryň döwrebap hyzmatlaryna isleg barha ýokarlanýar. Munuň şeýledigine şanly ýylymyzyň başyndan bäri kitaphana hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryň sanynyň artmagy hem şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýedi aýynda etrap merkezi kitaphanasy boýunça täze ýazylan okyjylaryň sany 320-ä, Bereketli zaman şahamçasy boýunça 165-e, Berkararlyk şahamçasy boýunça 163-e deň bolup, agzalan kitaphanalaryň okyjylarynyň umumy sany degişlilikde 3878-e, 1694-e, 1601-e ýetdi. Şol döwürde «Galkynyş» kitap merkezinden tapgyrlaýyn gelip gowşan gymmatly kitaplaryň hasabyna kitaphanalaryň kitap gaznasy has-da baýlaşdy. Okyjylar bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan işjeň peýdalanýarlar.