logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Society /Ak bugdaý muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi
  02.02.2023
1044
Ak bugdaý muzeýinde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Änew şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Milli «Ak bugdaý» muzeýinde geçirilen «tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlik Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlandy. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň we agzalan muzeýiň bilelikde guramagynda bolan söhbetdeşlik uly täsirlere beslendi.

«Tegelek» stoluň başyna ýygnananlar Gahryman Arkadagymyzyň halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasyny — Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek boýunça öňe süren teklibiniň Milli Geňeşiň we jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki maslahatynda goldaw tapyp, degişli çözgüdiň kabul edilmeginiň halkymyzda buýsanç duýgusyny döredendigini bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine saýlanylmagy, şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen bagly buýsançly gürrüňe söhbetdeşlikde aýratyn ähmiýet berildi.

«Tegelek» stoluň başyndaky söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyzy döwletli döwrana ýetiren Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.