logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Science and Education /«Ak bugdaý» muzeýiniň mejlisler jaýynda hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi
  24.08.2022
861
«Ak bugdaý» muzeýiniň mejlisler jaýynda hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi

Änew şäherindäki Milli «Ak bugdaý» muzeýiniň mejlisler jaýynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna taýýarlyk işleriniň çäginde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň nobatdaky hasabat-saýlaw maslahaty geçirildi. Oňa ýaşlar guramasynyň işgärleridir işjeň agzalary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de beýleki myhmanlar gatnaşdy.

 

 

Maslahatyň başynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy Merdanaly Orazberdiýewiň hasabaty diňlendi. Hasabat döwründe wagyz-nesihat duşuşyklarynyň jemi 3500-si, aýdym-sazly dabaralaryň 535-si, sport ýaryşlarynyň 562-si, dabaraly maslahatlardyr duşuşyklaryň 1450-si geçirildi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat, şäher, etrap Geňeşleri boýunça şu güne çenli ilkinji guramalaryň jemi 673-si hereket edip, agzalarynyň sany 80 müň 700-e barabardyr. Hasabat döwründe ýaşlaryň 9 müňden gowragy Ýaşlar guramasynyň agzalygyna kabul edildi. Ýaşlar guramalarynyň işgärleridir agzalary metbugat sahypalarynda, tele we radioýaýlymlarda yzygiderli çykyş edip, döwrümiziň ösüşlerine seslerini goşýarlar.

 

 

Işjeň häsiýete eýe bolan hasabat-saýlaw maslahatynda garalan meseleler boýunça anyk wezipeler kesgitlendi.