logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Society /Ak bugdaýly gallaçylaryň zähmet üstünligi
  25.06.2019
1314
Ak bugdaýly gallaçylaryň zähmet üstünligi

    Ak bugdaý etrabynyň edermen gallaçylary däne taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryna hötde gelip, “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” ýylyny oba hojalygynda ajaýyp zähmet üstünligine beslediler. Ak bugdaýyň asyl mekanynyň gallaçy kärendeçileri boldumly hasyl ýetişdirilen 39 müň gektar meýdandan guşgursak bugdaýyň 89 müň 140 tonna barabaryny Watan harmanyna goşdular.

  Oba hojalygynda iri etraplaryň biri hasaplanýan bu etrabyň gallaçylarynyň gazanan nobatdaky zähmet üstünliginiň gözbaşynda döwlet Baştutanymyzyň daýhanlara berýän goldaw-hemaýatlary, ýardamlary durandyr. Milli Liderimiziň oba zähmetkeşleriniň netijeli işlemegi, bol hasyl ýetişdirmegi ugrunda giň şertleri we mümkinçilikleri döredýär. Tohum, dökün, tehnika boýunça ýardamlaryň, tabşyrylan hasyl üçin öz wagtynda hasaplaşyklaryň bu ugurdaky ähmiýeti uludyr. Üstümizdäki ýylda gallanyň döwlet satyn alyş nyrhyň ýokarlandyrylmagy bolsa, daýhanlaryň has-da yhlasly işlemegine şert döretdi. Bu zatlar ak bugdaýly gallaçylaryň täze taryhy döwrümiziň ajaýyp günlerinde ajaýyp zähmet üstünligini gazanmagyny şertlendirdi.

     Etrapda galla oragy möwsümi guramaçylykly alnyp baryldy. Dünýäniň kuwwatly, ýokary öndürijilikli «СLAAS», «John Deere» we «Сase» kysymly kombaýnlarynyň 101-si gije-gündiziň dowamynda netijeli we bökdençsiz işledildi. Tehnikalara hyzmat ediş toparlaryň işine aýratyn ähmiýet berildi. Möwsümiň dowamynda gallaçylaryň armasy ýetirildi. Etrap häkimligi, TDP-niň etrap komiteti, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň etrap komiteti, Türkmenistanyň  Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi hem-de TMÝG-niň etrap Geňeşi tarapyndan tarapyndan öngünlük zähmet bäsleşikleri we beýleki höweslendiriş çäreleri geçirildi. Şeýle sazlaşyklylyk, galla oragynyň gysga möhletde, isripsiz ýygnalmagyny we kabul ediş nokatlaryna ýitgisiz daşalmagyny üpjün etdi.

     Ak bugdaýlylaryň zähmet üstünliginde M.Sopyýew adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, S.A.Nyýazow adyndaky,  Magtymguly adyndaky, «Bereketli», «Bugdaýly», «Ýaşyldepe», “Ýerbent”  daýhan birleşikleriniň gallaçylarynyň saldamly goşantlary bardyr.

      Etrabyň galla meýdanlarynda heniz hasyl köp. Edermen gallaçylar mukaddes baýlygyň ýekeje dänesini hem isrip etmän ýygnamagy we zähmet üstünligini berkitmegi asylly maksat edinýärler.