logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Economics /Ak bugdaýly meýdanda
  12.06.2021
597
Ak bugdaýly meýdanda

Ahal welaýatynyň Tejen etrabynda galla oragy gyzgalaňly alnyp barylýar. Möwsüme taýýarlykly girişmek oragy bökdençsiz alyp barmagyň esasy şertine öwrüldi. Ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryna, elewatorlara daşalýan we ol ýerlerde guşgursak ak bugdaýyň bökdençsiz kabul edilýär. Tejribeli mehanizatorlara berkidilen “polat atlaryň” gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz işlemeginde hyzmat ediş toparlaryň ýardamlary uludyr.

         Tejen etrabynyň Tejen daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Galla oragynyň depginini ýokarlandyrmak, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen guşgursak ak bugdaýy çalt, ýitgisiz ýygnamak we kabul ediş nokatlaryna daşamak ýaly asylly işe gatnaşyjylary zähmet üstünliklerine galkyndyrmak hem-de armasyny ýetirmek ýaly baýramçylyk çäresi geçirildi. Oňa gatnaşyjy kombaýynçylar, awtoulag sürüjileri, kärendeçiler we tehniki hyzmat ediş toparlarynyň agzalary etrabyň medeniýet bölüminiň sungat ussatlarynyň çykyşlaryndan ruhy lezzet aldylar.

         Galla oragynda tapawutlanýan öňdebaryjy zähmetkeşlere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy bolsa dabaranyň many-mazmunyny artdyrdy.