logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ak ekine yhlas bilen
  20.04.2021
684
Ak ekine yhlas bilen

      Daýhanlar üçin häzirki wagtda jogapkärli döwür dowam edýär. Ýerlerde ekinlere ideg etmek, öňde durýän galla oragyna taýýarlyk görmek işlerine giň gerim berilýär. Geçen ýylyň güýzünde irki ekiş geçirilen meýdanlarda kemala gelen bitginli bugdaý hasylyny ýetişdirmek ugrynda işler has gyzgalaňly alnyp barylýar. Bu ugurda Tejen etrabynyň çäginde ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň “Batko”, “Kalym” we “Bagrat” ýaly eýýän iş ýüzünde netijesi ýokary sortlary ekildi. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda ideg etmekde gallaçy daýhanlar yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

      Şeýle hem häzirki günlerde ekinlere mineral dökünler bilen goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwyny tutmak, ak ekinli meýdanlaryň haşal otlaryna, kesellerine we zyýankeşlerine garşy göreş çärelerini geçirilýär. Ekin meýdanda ýokarda agzalan sortlarynyň köpçülikleýin ekilendigini, olaryň tohum arassalygyny üpjün etmek ugrunda ýadawsyz aladalar edilýär. Şu günler sünbüle duran ekerançylyk meýdanlary diýseň owadan görünýär. Olar şemal ugruna yrgyldaşyp daýhanyň ruhuny göterýär.  

         Şu ýyl Tejenli gallaçylar döwlet harmanynan 86 müň tonnadan gowrak guşgursak ak bugdaý taýýarlamakdan ybarat bolup, bu belent sepgide abraý bilen ýetjekdiklerine ynanýarlar.