logo

Latest news:
✦ Akylly ulgamlar maglumat tehnologiýalarynyň täze eýýamy ✦ ✦ Programmirleme we maglumat tehnologiýalary sanly geljegiň hereketlendiriji güýji ✦ ✦ GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi ✦ ✦ Londonda geçirilýän halkara bilim forumynda Türkmenistanyň bilim ulgamy tanyşdyryldy ✦ ✦ Dünýä kino sungatynyň esasy baýragynyň ýeňijisi belli bolar ✦ ✦ Global IT kompaniýalary 6G synaglaryna girişýär ✦ ✦ Kitap - paýhas hazynasynyň açary ✦ ✦ Ronda Şroder Aşgabatda ýaş telekeçiler bilen duşuşdy ✦ ✦ 2026-njy ýylyň şygary mynasybetli konsert geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni ✦
Home / Science and Education /Ak guwlar
  26.08.2021
1452
Ak guwlar

Ak guwlar her ýylyň gyş aýlarynda biziň iýmit ätiýaçlygyna bol ýalpak suwly kenarymyza köpçülikleýin uçup gelýärler. Uçuşda sürüden bölünmezlik guwlarda berk endikdir bu bolsa guwlaryň wepadarlygyndan habar berýär. Görer göze hemmesi ak reňkli bolup görünsede, guwlar dürli alamatlary boýunça öz aralarynda bir-birlerinden tapawutlanýarlar. Biziň Esenguly meýdançamyzyň giňişliklerinde bu guşlaryň esasan 3 görnüşine duşmak bolýar. Olar “Gyzyl çüňk guw”, “Sykylykçy guw” we “Kiçi guw” dp atlandyrylýar. Arassa ak reňki bolan gyzyl çüňk guwlar gazlara görä ulyrakdyr. Beýleki guwlara garanyňda çüňkiniň düýbinde gara, etlek uly ösüntgisi bolup ol mäkiýanynda anyk görünmeýär. Sykylykçy guwdan tapawutlylykda gyzyl çüňk guwyň boýny “S” harpyny ýada salýar. Suwda çüňkini we kellesini kese saklaýar. Gyzyl çüňk guwlary biziň goraýan çäklerimize ýanwar, fewral we mart aýlarynda uçyp gelýärler. Sykylykçy guw gyzyl çüňk guwlaryndan (tauty) guwlaryndan kiçi ak reňklidir. Ýöne olaryň ýelek örtükleri örän dykyz, bedenleri süýnmek, göni boýunlary göwresiniň uzynlygyna deňdir. Ganatlary göwresine berk gysylyp dursada gapdaldan seredeniňde sykylykçy guwlaryň arkalary tegelek görünýär. Kellesiniň uzynlygyna deň gelýän göni çüňkiniň uly tegelek, ýöne çykyntgysy ýokdyr. Çüňküniň ujy gara galan ýeri bolsa burny bilen bilelikde sarydyr. Öňler meýdançamyza bu guwlaryň 3,4 müňe golaýy gyşlamaga gelerdi. Emma soňky döwürde olaryň sany kemeldi. Kiçi ýada Tundra guwy – bu görnüşleriniň içinde iň kiçisidir. Beýleki guwlaryň agramy 12 kg geçýän bolsa, olaryň agramy 6 kg ýetmeýär. Suwa seretmän daşyndan seredýän adamlaryň köpüsi olara ak gazlar ýa-da ak kokgarlar öýdýärler. Bularyň hem ulylarynyň sap ak reňki bolup mäkiýany horazlarna garanyňda biraz kiçiräkdir. Olar beýleki guwlardan çüňkleriniň we aýaklarynyň garalygy çüňkleriniň gapdallary bolsa burun deşiklerine ýeter-ýetmez diýen ýaly sary tegmiller bilen tapawutlanýarlar. Aslynda esasy ýaşaýan mesgenleri Demirgazyk Amerikanyň Tundra zolagy bolan bu guwlar Ýewropa ýurtlarynda höwürtgeleýärler. Ylmy maglumatlara görä bu guwlaryň sany ol ýerlerde hem barha azalýar.