logo

Latest news:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Ahalda hasylly ösüş ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri bilen duşuşygy ✦ ✦ Halkymyzyň buýsanjy — ýylymyzyň şany ✦ ✦ Ýylymyza bagyşlanan dabaraly mejlis ✦ ✦ Ýaşlaryň elektron žurnalynyň täze sany çap edildi ✦ ✦ Şatlyga beslenýän «Awaza» ✦ ✦ Türgenlerimiziň Aziýa çempionatynda gazanan nobatdaky ýeňişleri ✦ ✦ Koreýanyň KHBS-niň wekilleriniň ýurdumyza sapary ✦ ✦ Türkmen sungat ussatlary Özbegistanda geçirilen halkara makam sungaty forumynda ýeňiji boldular ✦
Home / Economics /Ak hanalar-atyzlara ýaraşyk
  18.10.2020
728
Ak hanalar-atyzlara ýaraşyk

     Pagta ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolup, ony ösdürip ýetişdirmek we kemala getirmek üçin çäksiz zähmet siňdirýär. Ýygymçylar arman-ýadaman zähmet çekip, Watan harmanyna ak-altyn pagtalarymyzy tabşyrýarlar. Bu bolsa senagatymyzyň çalt depginlerde ösýänliginiň, halkymyza Türkmenistanda öndürilen egin-eşikleri geýmäge mümkinçilikleriň bardygynyň aýdyň mysalydyr. Dogrudanam, bagtyýarlyk zamanasyny başdan geçirýän türkmen halkyna, şol sanda halal türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, toprakdan bol hasyl öndürip eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Şeýle ýokary tizlikdäki ösüşler, dünýä nusgalyk özgertmeler özüniň giňligi we çuňlugy boýunça gymmatlydyr. Oba-hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada öňümizde goýan wezipelerini agzalara düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän duşuşyklardan, çykyşlardan, söhbetdeşliklerden ugur alyp, pagta ýygymy  döwründe  üsünlikli işler amala aşyrylýar. Pagta möwsümi döwründe Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesi we beýleki jemgyýetçilik guramalary  mehanizatorlaryň gije-gündiz işleýändiklerini göz öňünde tutup, olaryň egin-eşik, çaý, gyzgyn nahar bilen üpjün edilmegini, medeni hyzmatlaryň guralmagy barada gerek bolan çäreleri görýärler. Olaryň arasynda bäsleşikler guralyp, olaryň jemleri jemlenip, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.    Pagta ýygymynyň guramaçylykly geçirilmeginiň köp derejede tehnikalara, aýratynda pagta ýygýan kombaýnlaryň bökdençsiz, öndürijilikli işine baglydygy hemmelere mälimdir. Şonuň üçin hem olaryň ýokary öndürijiligini gazanmaly. Pagta meýdanynda işleýän adamlara ýeterlik şertleriň döredilmegi edilýän esasy aladalaryň biridir.