logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ak hanalar-atyzlara ýaraşyk
  13.10.2021
623
Ak hanalar-atyzlara ýaraşyk

Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň bagtyýarlygy, abadan hem eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagy barada edýän taýsyz tagallalary netijesinde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen daýhanlarynyň ýerden önüm öndürmekde çekçän yhlasly zähmetleri oňyn netijeleri berýär. Ak pagta ýurdumyzyň esasy baýlyklarynyň biri bolup, ony ösdürip ýetişdirmek we kemala getirmek üçin çäksiz zähmet siňdirilýär. Ýygymçylar arman-ýadaman zähmet çekip, ak-altyn pagtalarymyzy Watan harmanyna tabşyrýarlar. Bu bolsa ýurdumyzyň senagatynyň çalt depginlerde ösmegi netijesinde, halkymyz üçin Türkmenistanda öndürilen egin-eşikleri geýmäge mümkinçilikleriň döreýändiginiň aýdyň mysalydyr. Dogrudanam, bagtyýarlyk zamanasyny başdan geçirýän türkmen halkyna, şol sanda halal türkmen daýhanyna işlemäge, döretmäge, gurmaga, toprakdan bol hasyl öndürip, eşretli durmuşda ýaşamaga döwlet tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär.

         Hormatly Prezidentimiziň oba-hojalygyny mundan beýläk-de ösdürmek barada goýan wezipelerini pagtaçylara düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça geçirilýän duşuşyklardan, çykyşlardan, söhbetdeşliklerden ugur alyp, pagta ýygymy  döwründe ýörite guralan meýdan düşelgelerinde, mülkdarlaryň işleýän ýerlerinde baýdaklaryň, şygarlaryň esasynda baýramçylyk çäreleri giňden guralýar. Pagta möwsümi döwründe Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Babadaýhan etrap komiteti we beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan Olaryň arasynda bäsleşikler guralyp, ýeňijilere höweslendiriji baýraklar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

        Şular ýaly eşretli zamanany peşgeş beren Hormatly Prezidentimiziň Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan asylly, parasatly işlerinde uly-uly üstünlikleriň, rowaç bolmagyny arzuw edýäris!