logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Health /AK KELEMIŇ DERMANLYK AÝRATYNLYKLARY
  05.07.2022
1194
AK KELEMIŇ DERMANLYK AÝRATYNLYKLARY

    Ak kelemde saglygy barada alada edýän her bir adam üçin hemişelik we doly önüm bolmak üçin ýeterlik witaminler we minerallar bar. Ak kelem peýdaly we bejeriş aýratynlyklary sebäpli halk lukmançylygynda giňden ulanylýar. Kelem B1, B2, B6, P witaminlerine, kaliý, kalsiý, fosfor elementlerine, kletçatkalara, ýaglara, şekere, kükürde, hem aminoturşulara baý. Onda C witamini limon bilen pyrtykala garanyňda hem köpdür. Ak kelem dowamly gastritde, esasanam pes turşulykly aşgazan we on iki barmakly içege ýaralarynda, bagyr keselleri we semizlik, çiş we iç gatamagy üçin örän täsirli we ýürek işjeňligine oňyn täsir edýär. Dalagyň näsazlyklarynda, içki agzalaryň sowuklamasynda kelemiň şiresi peýdalydyr. Onuň ýapragy suwjarýan demrewde, iriňli ýaralarda, ýanyklarda ýapgy görnüşinde ulanylýar. Täze kelem  ýokumly we dermanlyk aýratynlyklarynyň hemmesini diýen ýaly özünde saklaýar. 

Ak kelem gymmatly iýmit önümidir. Kelem duzsuz iýleninde semizligiň, disbakteriozyň, awitaminozyň, aterosklerozyň öňüni alýar. Duza ýatyrylan kelem diş etini pugtalandyrýar. Kelem bogunlara duz ýygnananda, buşukmak kynlaşanda ulanylýar. Lukmanlar kelemi terligine, gaýnadylan, işdäaçar görnüşinde köp iýmekligi ündeýärler.  Bu gök ekinleriň ýapraklary salatlar, gök önümler, kelem çorbasy we kelem rulonlary ýasamak üçin ulanylýar. Halk lukmançylygynda ösümlik bedendäki dürli näsazlyklara garşy göreşmekde hem ulanylýar.

Gündogaryň beýik alymy Ibn Sina öz eserlerinde kelemiň ýaralary çalt guratmaga we bitirmäge, agyryny aýyrmaga ýaramlydygyny ýazýar. Bu täsin ösümligiň bejerijilik häsiýeti irki döwürlerden bellidir. Gadymy rimliler ony bedeni kuwwatlandyrmakda, ukusyzlykda, kellagyryny köşeşdirmekde peýdalanypdyrlar. Onuň şeker garylan şiresi üsgülewügi, bokurdak agyrysyny aýyrmakda ulanylypdyr.

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Ösümlikçilik kafedrasynyň mugallymy

Döwran Ýagşygeldiýew