logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ak şäherim Aşgabat!
  06.12.2020
1307
Ak şäherim Aşgabat!

      Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gözel paýtagtymyzda şäher gurluşygyna, köçe-ýol hereketine degişli innowasiýalar, öňdebaryjy tilsimatlar, kämil tehnologiýalar, täzelikler giňden ornaşdyrylýar. Aşgabadyň giň hem owadan şaýollarynyň ugurlarynda gurlan, tomsuň jöwzaly yssysynda salkyn, gyşyň aňzakly günlerinde ýyly duralgalar, töwerege aýratyn lezzet berýän, gyşyn-ýazyn al-ýaşyl bolup oturan owadan baglary göreniňde göwnüň göterilýär, ajaýyp gözellige buýsanjyň artýar. Paýtagtymyzda gurlan ýerasty geçelgeler, aýlawly köprüler, giň hem owadan ýollaryň ugrundaky täsin çyralar köçelerdäki hereket mümkinçiligini has-da artdyrýar. Çatryklarda we ýol ugurlarynda oturdylan mahabat diwarlyklaryna bezeg berip duran, türkmeniň agzybirligini, milli özboluşlylygyny alamatlandyrýan haly göllerine, milli buýsanjymyza öwrülen ahalteke bedewleriniň şekillerine gözüň düşende, kalbyňda ajaýyp duýgular peýda bolýar. Döwrüň bedew bady bilen okgunly ösüşi her bir türkmende egsilmez güýç-gaýraty, joşgunly zähmete bolan hyjuwy artdyrýar. Güneşli Diýarymyzyň obadyr şäherleri ýylsaýyn özgerip, jenneti mekana öwrülýär. Täze gurulýan ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň sany bolsa ýylsaýyn artýar. Ýurdumyzda şähergurluşyk maksatnamasynyň netijesinde türkmen paýtagtynyň ösüşi, şeýle hem her bir adam bilen bagly bolan durmuş düzümleriň üpjün edilmegi paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlaryň kalbyny buýsançly duýgulara besleýär, döwrüň beýik işlerine goşant goşmaga bolan hyjuwy artdyrýar. Bu ugurlarda bitirilýän işleriň bolsa ýaş nesliň sazlaşykly ösmeginde, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynyň galkynmagynda hem ähmiýeti örän ýokarydyr.