logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär!
  15.05.2023
1025
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergi geçirilýär!

Aşgabat şäher häkimligi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde 2023-nji ýylyň 24 — 25-nji maýynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXII köpugurly halkara sergini geçirýär.

Guraýjy topar Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenlerini hem-de hünärmenlerini, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryny, türkmen işewürlerini, şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini sergä çagyrýar.

Serginiň iş wagty: 24—25-nji maýda sagat 10:00-dan 18:00-a çenli.

Sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Aşgabat şäheriniň Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän binasynda geçirilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-35-10, 92-23-59, 92-04-24.