logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Society /Ak-Ymam mowzoleýi
  19.02.2022
1173
Ak-Ymam mowzoleýi

Öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan taryhyýadygärlikleriň biride Ahal welaýatynyň Bäherden  etrabynyň çäginde ýerleşýän Ak-ymam mozoleýidir. Bu ýadygärlik XVI-XVII-asyrlary bilen senelenip Ahal welaýatynyň Bäherden  etrabynyň Durun obasynyň merkezinde ýerleşýär. Ýadygärlik ylmy medeni tarapdan öwrenilmäge örän uly ähmiýetli bolup birnäçe alymlar gazuw barlag işleri 1947-nji ýylda B.A.Litwinskiý, 1951-nji ýylda G.A.Pugaçenkowa tarapyndan alnyp baryldy. Mawzoleý çig kerpiçden gurlupdyr (25x25x5). Ýöne, onda bu ymaratyň çig kerpiçden gurlandygyna garamazdan bişen kerpiçden  gurlan Gyzyl-Ymam mowzoleýine hemme jähtden meňzeşligi haýran galaýmaly faktdyr. Beýle diýmegi Ak ymamy guran hökman Gyzyl-ymamy özüne nusga edip alan bolmaly şeýle meňzeşlik hem şonuň üçindir. Esasy portaly gündogara bakyp, ondaky giň geçelge mowzoleýiň dörtburç otagyna alyp barýar (6x6). Içki otagyň şekili dörtburç bolup, taraplaryň ortasynda ýapy ýeri bolup onuň aşagynda bolsa ýagtylyk  tagçasy bar. Demirgazyk tagçadaky gapy ýeri başga zerurlyk üçin ulanar ýaly edilip gurulypdyr. Gümmeze barmak üçin, üstüniň aýlawynyň kä ýerinde bişen kerpiji bolan, dört sany tagçany basgançak hökmünde ulanypdyrlar. Portalyň düýbi kiçijek hüjireler bolup olaryň girelgesi daş ýüzünden bolupdyr.