logo

Latest news:
✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦ ✦ Duşenbe şäherinde Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine bagyşlanyp maslahat geçirildi ✦ ✦ “IWISE Global Final London 2026” halkara bäsleşiginde Türkmenistanyň mekdep okuwçylary uly üstünlik gazandylar ✦ ✦ Ahalda “Ýigit” pomidor we paprika önümçiligini giňeldýär ✦ ✦ Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap ✦ ✦ Ahal miweleri «Erem» brendi bilen dünýä bazaryna çykýar ✦ ✦ Ahal welaýatynda senagat önümleri daşary ýurt bazarlarynyň ünsüni çekýär ✦
Home / Society /Ak zat alnyňa ýagşy
  18.12.2023
769
Ak zat alnyňa ýagşy

Ýurdumyzda her möwsümiň özüne mahsus ajaýyp gözelligi bar. Gyş pasylynyň gelmegi bilen tebigatyň durky-da düýpgöter üýtgeýär. Her bir ynsan uly ýa-da kiçiligine garamazdan töweregiň ak dona bürenenini görmäge howlugýar. Ak gary asly halal türkmen halky ýüreginde beslän ak arzuwyna, päk niýetine deňeýär. “Ak zat alnyňa ýagşy” diýip, tebigatyň bu gözelliginden uly ruhubelentlik bilen lezzet alýarlar. Türkmen halkynda şeýle nakyllardyr aýgytlaryň ençemesi bar. Olar asyrlaryň tejribesinden biziň günlerimize ýetip gelen dürdäne söz merjenleridir. Her biriniň aňyrsynda giden bir manyny jemleýän atalar sözüniň birinde: “Gyşy gyşsyramadygyň, ýazy ýazsyramaz” diýilýär. Türkmen diýarynyň gyşynyň “gyşsyramagy” rysgal-berekediň, bolçulygyň beýanydyr. Gyş paslynda meýdanlarda ekilen ekinler, baglardyr ösümlikler ýazdaky bol hasyl üçin aýratyn idegi talap edýärler. Şol sebäpli-de gyşda ýagyşyň, garyň ýagmagy ekinleriň ösmegi üçin esasy şertleriň biri bolup durýar.

 

 

Watanymyzy jenneti mekana öwürmek, durmuşymyzyň bezegi bolan bagy-bossanlyklary döretmek ýaly asylly işleri alyp barmaklygy gyş paslynda hem kemsiz dowam etdirmekde her kim çetde durmaly däldir. Çünki arassa tebigat, tämiz howa ynsana iň uly baýlyk bolan saglygy peşgeş berýär.

 

 

Ylýas REJEPOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.