logo

Latest news:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Home / Economics /«Akar» haryt nyşanly joraplaryň 350 müň jübüti Russiýa eksport edildi
  02.11.2022
828
«Akar» haryt nyşanly joraplaryň 350 müň jübüti Russiýa eksport edildi

Golaýda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzasy bolan «Akar» hususy kärhanasy jorap önümleriniň 350 müň jübütini Russiýa eksport etdi. Kärhanada her aý dürli görnüşli joraplaryň jemi 500 müň jübüti öndürilýär.

Kärhanada Italiýanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan. Bu bolsa kärhanada ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa, dünýä ülňülerine laýyk gelýän joraplaryň dürli görnüşlerini öndürmäge mümkinçilik berýär.

«Akar» hususy kärhanasy 2018-nji ýylda işe girizilip, onda 100-e golaý hünärmen zähmet çekýär.